Dollara derek altyn: Dünýäniň merkezi banklary altyn satyn almaklaryny dowam edýärler

  • 10.06.2025 13:33
  • 9k+

Dünýä boýunça merkezi banklar altynyň bahasynyň rekord derejede ýokarlanmagyna garamazdan, ony işjeň satyn almagyny dowam etdirýärler. 2025-nji ýylda olar, takmynan, 1000 tonna altyn satyn almagy meýilleşdirýärler. Bu bolsa, olaryň altyny işjeň satyn alýan yzygider dördünji ýyly bolar diýip, «Metals Focus» konsalting kompaniýasy belleýär.

Analitikler bu görkezijiniň geçen ýyl satyn alnan 1086 tonna altyna garanyňda 8% pes bolmagyna garaşýarlar. Şeýle-de bolsa, bu san taryhy ortaça görkezijilerden ep-esli ýokary bolar.
Munuň esasy sebäbi bolsa, halkara ätiýaçlyklary diwersifikasiýa etmek (dürlileşdirmek) we ABŞ dollaryna bolan garaşlylygy azaltmak islegidir. Analitikler muny Donald Trampyň administrasiýasynyň öňünden çaklap bolmajak söwda syýasaty we ABŞ-nyň maliýe görkezijileriniň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Geosyýasy dartgynlygyň güýçlenýän döwründe, amerikan aktiwlerine bolan ynam hem kem-kemden pese gaçýar.
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Polşa, Azerbaýjan we Hytaý işjeň alyjylar bolup galdylar. Muňa Eýranyň hem goşulmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda merkezi banklar dünýädäki altyna bolan islegiň, takmynan, dörtden bir bölegini emele getirýär we zergärçilik pudagyndan hem-de hususy maýadarlardan soň üçünji möhüm sarp edijiler bolup durýar.
Ýylyň başyndan bäri, altynyň bahasy 29% ýokarlandy, emma bu merkezi banklaryň islegini çäklendirmedi. «Metals Focus» altynyň ortaça bahasynyň bir unsiýasy üçin 3210 dollar boljakdygyny çaklaýar, bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirilende 35% ýokarydyr.
Şol bir wagtyň özünde, zergärçilik pudagynda altyna bolan isleg peselýär: şaý-sep önümçiligi 2024-nji ýylda 9% pese gaçdy, 2025-nji ýylda ýene 16% azalyp biler. Pese gaçyşlar, esasan-da, Hindistanda we Hytaýda bolup geçýär.

şu gün 16:15
2.1k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

şu gün 16:02
688

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......