Xiaomi Poco brendiniň astynda Redmi Turbo 4 Pro-nyň global wersiýasyny taýýarlaýar

  • 10.06.2025 13:13
  • 2.3k+

Xiaomi Poco F seriýasynyň täze modeli bolan Poco F7 smartfonyny bildiriş etmäge taýynlanýar. Resmi maglumat ýok, ýöne onlaýn ýagdaýda enjamyň ilkinji suratlary peýda boldy.

Suratlarda dik kamera blokly yzky panel görünýär. Esasy 50 megapiksellik sensory ünsi has hem özüne çekýär. Korpusynyň wizual dizaýny ýörite wersiýasynyň çykarylmagynyň mümkindigini görkezýär. Kompaniýa öň “Garri Potter” we “Dedpul” ýaly stillerde hem smartfonlary çykarypdy. Awtoulag öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk hem mümkindir, şeýle relizler eýýäm, mysal üçin, Realme we Aston Martin tarapyndan çykaryldy.
Täze modeliň haýsy brend bilen baglanyşykly bolup biljekdigi entek belli däl.
Enjamyň gapdalynda Snapdragon nyşanynyň bolmagy munuň ýaňy-ýakynda hödürlenen Redmi Turbo 4 Pro-nyň global wersiýasydygyny görkezýär. Deslapky maglumatlara görä, model Poco F7 diýlip atlandyrylar.
Smartfonda Snapdragon 8s Gen 4 prosessory, 6,83 dýuýmlyk AMOLED ekrany we 6500 mAh akkumulýator bolar diýlip garaşylýar. Mümkin bolan ýörite wersiýalary hem goşmak bilen, enjamyň ähli wersiýalarynda birmeňzeş tehniki häsiýetnamalaryň bolmagyna garaşylýar.
Tanyşdyryljak senesi entek aýdylmady, ýöne kän garaşdyrmasa gerek.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...