Xiaomi 16-ny 6800-7000 mAh-lyk batareýa we täzelenen Leica optikasy bilen enjamlaşdyrmak isleýärler

  • 10.06.2025 13:02
  • 1.6k+

Xiaomi kompaniýasy "Xiaomi 16" flagmanynyň konfigurasiýasy baradaky meýilnamalaryny üýtgetdi. Başda kompaniýa 6,3 dýuýmlyk enjamda periskopik telefon linzasyny oturtmagy göz öňünde tutupdy, ýöne synagyň nusgalaryna laýyklykda, bu pikirden ýüz öwrüp, ýüzýän linza gaýdyp geldi diýip, GSMChina ýazýar.

Syzdyrylan maglumatlara görä, smartfon Xiaomi 15 modelinde ulanylýan ISOCELL JN5 sensoryny alar. Leica optikaly bu kamera 2,6 esse ulaldylan zumy we makro surata düşürişi üpjün edýär. Bu çözgüdiň käbir ulanyjylary lapykeç etmegi mümkin hem bolsa, başga-da gowulaşmalara garaşylýar.
Xiaomi 16-da displeýiň çarçuwalaryny kiçeltmek üçin LIPO tehnologiýasy ulanylar diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, smartfon takmynan 6800-7000 mAh batareýa bilen enjamlaşdyrylyp bilner, bu öňki modellerden ep-esli uludyr.
Esasy kamera hem täzelenme alar. Xiaomi-niň wekiliniň sözlerine görä, kompaniýa 50 megapikselli täze Omnivision QV50Q datçigine (1 / 1,3 dýuým) ünsi jemledi. Ol HDR-de gowulaşan şekil dinamikasyny we has täsirli awtofokusy üpjün etjek LOFIC tehnologiýasyny ulanar.
Bellenilişine görä, ikinji derejeli kameralar üýtgemez. Şeýle hem, ekran we awtonom işleýiş ulgamy hem täzelener. Öndürijiligine Snapdragon 8 Elite Gen 2 çipi jogap berer.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...