Ford 80-nji ýyllaryň retro äheňinde, ýöne häzirki zaman aýratynlyklar bilen Mustang hödürledi

  • 10.06.2025 12:33
  • 4.6k+

Ford 1980-nji ýyllaryň meşhur Fox Body maslkarynyň dizaýnyndan ylhamlanan FX retro-paketli  Mustang 2026-nyň ýörite wersiýasyny çykarar.

Täzelenen wersiýa wintaž stiliniň elementlerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrýar. Ol modeliň nusgawy görnüşiniň muşdaklary üçin niýetlenendir.
FX paketine şol ýyllaryň asyl palitrasyna salgylanýan aýratyn Adriatic Blue reňk girýär. Tekerler ýalpyldysyz bezegli Oxford White reňke boýalan, diskalaryň retro dizaýny we Mustang GT nusgawy ýazgylary 80-nji ýyllaryň stilini nygtaýar.
Içine könäni ýatladýan keýpi döredýän City Silver we Adriatic Blue öwüşginlerinde gözenekli ýamaly we kontrast tikinli oturgyçlar goýlan.
Daşky we içki bezeglerden başga-da, FX bukjasy bolan wersiýa häzirki zaman gowulandyrmalaryny hem aldy. Bularyň arasynda kämilleşdirilen multimediýa ulgamy we Recaro sport oturgyçlarynyň opsiýalary bar.
Mustangyň täze modeli wajyp mümkinçilikleri bolan wintaž dizaýnyny hödürläp, geçmiş bilen we şu güni utgaşdyrmagy maksat edinýär.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....