Nýu-Ýorkuň howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy

  • 09.06.2025 14:48
  • 4.5k+

Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky halkara howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy. Beta Technologies tarapyndan işlenip düzülen Alia CX300 dört ýolagçyny we piloty getirdi. Uçuş 45 minut dowam etdi diýip, Reuters habar berýär.

Uçaryň dik uçmak we gonmak mümkinçiligi ýok. Ol uçuş-gonuş zolagyny adaty uçarlar ýaly ulanýar. Ýöne bu uçuşy aýratynlaşdyrýan zat onuň batareýanyň güýji bilen amala aşyrylmagydyr.

"Dürli şertlerde birnäçe ýyllap pugta howpsuzlyk synaglaryndan  geçirilenden soň, howa menziliniň wekilleri we Nýu-Ýorkuň häkimi bilen bu ýerde durup, uçaryň dykynlary kemeltmek, zyňyndylary azaltmak we elýeterliligi ýokarlandyrmak bilen şäherlere nähili hyzmat edip biljekdigini görkezýändigimize buýsanýarys" - diýip, Beta Technologies-iň baş direktory we esaslandyryjysy Kaýl Klark mälim etdi.

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa gullugy (FAA) howa taksileriniň uçarmanlaryny taýýarlamak we sertifikat bermek üçin düzgünleriň doly toplumyny tassyklady. Gulluk şeýle apparatlary ygtybarly ornaşdyrmak üçin taýýarlanan resminamalary “hysyrdyly işiň soňky bölegi” diýip atlandyrdy.
Şol aýda Beta Technologies 318 million dollar serişde toplady. Ýygnalan maýanyň umumy mukdary 1 milliard dollardan geçdi. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ilkinji doly elektrikli uçar asmana göterildi. Alia CX300 modeli - bu Alia-250c apparatynyň dik uçuş hereketlendirijisiz görnüşidir.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....