Galaxy S25 Edge-i söküp, Samsung-yň smartfony nämäniň hasabyna inçeltmegi başarandygy anyklanyldy

  • 09.06.2025 14:51
  • 9k+

YouTube blogeri JerryRigEverything Samsung Galaxy S25 Edge smartfonynyň sökülýän widesoyny neşir etdi. Ol Galaxy S25 Ultra bilen deňeşdirilende 2,4 mm inçelip, enjamyň ýogynlygynyň bary-ýogy 5,8 mm-e çenli nädip inçeldilendigini anyklady.

Enjamlar dürli mümkinçiliklere eýedigine garamazdan, olaryň bahalary deňeçer. Mundan başga-da, iki modelde-de esasy kamera üçin 200 megapiksellik sensor ulanylýar. Ýöne täze S25 Edge modelinde ISOCELL HP2 datçiginiň kiçi görnüşiniň ýerleşdirilendigi ýüze çykaryldy.
Korpusyň galyňlygynyň inçelmegi birnäçe üýtgetmelere we kompromisslere görä mümkin boldy. Dinamikalaryň, batareýanyň, sowadyş ulgamynyň, enelik platasynyň we USB Type-C portunyň ölçegi kiçeldildi. Port titan çarçuwanyň içinde ýerleşdirildi. Dinamikalar has inçeldi, suwa garşy gorag bolsa, indi korpusyň içinde burçda ýerleşdirilýär.
Esasy täsir eden zatlaryň biri hem ýönekeýleşdirilen iki taraplaýyn enelik platasy boldy. Batareýanyň sygymy azaldy – Galaxy S25 Ultra-da 5000 mA·sag bolan batareýanyň ýerine, bu modelde 3900 mA·sag sygymly batareýa ýerleşdirildi. Şeýle-de bolsa, öndürijiler batareýany çalşyrmagy has aňsatlaşdyrdylar.
Sowadyş ulgamy hem üýtgedildi. Indi Snapdragon 8 Elite çibi gönüden-göni termopasta we bug çykaryjy kamera bilen bilelikde ýerleşýär. Ultra modelinde bolsa, çip bilen bug kamerasynyň arasynda termopasta bolmadyk metal bölek bardy.
Wideobloger smartfonyň epilme synagynda gowy netijeler alandygyny belledi. Bu güýçlendirilen titan çarçuwasy bilen baglanyşykly bolsa gerek.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...