Mercedes-Maybach meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hatyrasyna S-Class sedanynyň ýörite wersiýasyny çykardy

  • 09.06.2025 13:48
  • 8.8k+

Mercedes-Benz özüniň flagman S-Class sedanynyň ýörite görnüşlerini çykarmagyny dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa 2021-nji ýylda aradan çykýança «Maybach» taslamasyna gatnaşan meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hormatyna ýörite model çykardy. Onuň hatyrasyna «Mercedes-Maybach S 680 Virgil Abloh RS Edition» atly awtoulag döredildi.

Bu seriýa diňe 150 nusga bilen çäklenýär, şolaryň 39-sy ABŞ bazary üçin niýetlenendir. Awtoulagyň daşky görnüşinde iki reňkden peýdalanyldy: Ablowuň stilini we mirasyny alamatlandyrýan gara Obsidian we çägesöw öwüşginler. Hrom we gara elementler modeliň eksklýuziwligini nygtaýar.
Tehniki aýratynlyklary öňküligine galdy. Kapotynyň aşagynda 603 at güýjüni öndürýän we 664 Nm torky üpjün edýän 6,0 litrlik goşa turbinaly V12 hereketlendiriji bar. Awtoulag 0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 4,5 sekuntda ýetýär.
Daşky görnüşi 22 dýuýmlyk poroşok boýag bilen örtülen diskleri, 20 mm peseldilen asma ulgamy we «Maybach» nyşanynyň LED yşyklandyrmasy bilen tapawutlanýar.


20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....