Ultra-inçe Galaxy S25 Edge ýere gaçmak synagyndan geçmedi

  • 08.06.2025 21:20
  • 9.1k+

Samsung täze Galaxy S25 Edge smartfonynyň inçeligini bäsdeşlerinden artykmaçlyk hökmünde görkezýär. Onuň ýogynlygy bary-ýogy 5,8 mm barabar. Ýöne şeýle ykjam korpus iş ýüzünde onuň esasy ýetmezçiligi bolup çykdy – ol gurluşyň aşak gaçanda berkligine täsir edýär.

PBKreviews YouTube kanaly modeliň drop-synagyny geçirdi. Smartfonyň ekrany birinji gezek ýere gaçanda çat açdy. Onuň yzky paneli ýere degende-de, aýna zeper ýetdi.
Has ýogyn smartfonlar bilen deňeşdirilende, Galaxy S25 Edge-iň tötänleýin gaçyşa çydamak mümkinçiligi az. Şeýle-de bolsa, kanalyň awtorlary modele garamazdan islendik gödek gaçyşyň smartfona düýpli zeper ýetirip biljekdigini belleýär.
Galaxy S25 Edge 2025-nji ýylyň maý aýynda hödürlendi. Smartfon 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk AMOLED displeýi, titan korpus we Gorilla Glass Ceramic 2 gorag aýnasy bilen üpjün edildi. Ol Snapdragon 8 Elite prosessoryna, 12 GB operatiw ýada, 200 Mp esasy sensor bilen goşa kamera we 3900 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...