Ford howply kemçilik sebäpli ýarym milliona golaý Explorer krossowerini yzyna çagyrýar

  • 08.06.2025 21:02
  • 4.7k+

Ford kompaniýasy 492 145 sany Explorer krossoweriniň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Mesele 2016-2017-nji ýylda goýberilen modellere degişli. Bu awtoulaglaryň kuzowynyň orta sütüniniň nakladkasynyň ýelimi gopup biler diýip, Car and Driver habar berýär.

Näsaz awtoulaglaryň 2015-nji ýylyň iýun aýyndan 2017-nji ýylyň aprel aýyna çenli öndürilendigi anyklandy. Biraz soň bolsa nakladkany dakmagyň usuly üýtgedildi. Şeýle-de bolsa, 492 müňden gowrak awtoulag ygtyýarly dilerler tarapyndan gözden geçirilmäge degişli. Sürlüp barylýarka uçup gidýän nakladka, heläkçilige getirip ýa-da beýleki awtoulaglara zeper ýetirip biler.
Hyzmata ýüz tutmazdan ozal, ulag eýelerine nakladkanyň näderejede berk birikdirilendigini barlamak maslahat berilýär. Ulagyň gapysy ýapylanda ol titrese ýa-da jygyldasa, bu berkidilişiniň ygtybarsyzdygyny aňladyp biler.
Dilerler ýakyn wagtda ulag eýelerine duýduryş iberip başlar. Şeýle-de bolsa, belläp geçilişi ýaly, yzyna çagyryş kampaniýasynyň ähli jikme-jiklikleri entek doly işlenilmedi.


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....