Adobe kompaniýasy Android üçin täze mugt Photoshop hödürledi

  • 06.06.2025 15:57
  • 2.4k+

Adobe Android üçin täze Photoshop programmasyny resmi taýdan hödürledi. Önüm ilkinji gezek şu ýylyň fewral aýynda anons edildi. Häzir programma başlangyç beta-synagyň çäklerinde mugt elýeterli boldy.

Kompaniýa Photoshop-yň mobil wersiýasynyň üstünde köp wagtlap işledi. Firefly şekil EA-generatorynyň goşulmagy bilen funksiýalar toplumy ep-esli giňeldi. Indi Android gurluşlaryny ulanyjylar surat bilen işlemek üçin köp gurallary mobil formatda barlap biler.
Elýeterli funksiýalaryň arasynda suratlary birleşdirmek we garyşdyrmak, aýratynlandyrylan bölekler, gatlaklar we maskalar bilen işlemek bar. Tap Select funksiýasynyň kömegi bilen suratdaky aýry-aýry obýektleri çalt aýyrmak ýa-da çalyşmak bolýar. Şeýle-de, artykmaç elementleri, mysal üçin, kadra tötänleýin düşen adamlary yz galdyrmazdan aýyrmak mümkinçiligi bar.
Firefly-yň esasyndaky EA gurallary surata awtomatik taýdan täze obýektleri goşmak ýa-da fonuň üstüni ýetirmek bilen wizual dizaýny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Täze suratlar üçin esas hökmünde mugt Adobe Stock ýygyndysyndan materiallary ulanmak hem bolýar. Obýektleri takyk aýratynlandyrmak üçin Object Select we Magic Wand gurallary bar.
Bularyň ählisi we beýleki funksiýalar täze Photoshop mobil programmasynyň bir bölegi boldy. Ulanyjylar üçin programma bilen işlemekde kömek etjek öwrediji materiallar hem elýeterlidir.
Beta-synagyň tamamlanjak möhleti we doly wersiýanyň bahasy barada entek maglumat ýok.


09.02.2026 12:17
1.8k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

22.01.2026 12:20
1.8k+

Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar

Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi...

21.01.2026 15:13
1.6k+

Google soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek Android-de ses gözleginiň interfeýsini üýtgedýär

Google kompaniýasy Android-de ses arkaly gözlegiň interfeýsini tapgyrlaýyn täzelemäge başlady. Bu soňky birnäçe ýylda ilkinji uly üýtgeşme boldy: indi dört nokatdan ybarat adaty animasiýanyň deregine ulanyjylara has döwrebap we sazlap bolýan dizaýn hödürlenýär...