Telegram ses habarlaryny kesmek we HD-de surat ibermek funksiýalary bilen täzelenme aldy

  • 06.06.2025 09:26
  • 2.5k+

Telegram birnäçe täze funksiýalar bilen uly täzelenme çykardy.

Indi ulanyjylar ses habarlaryny redaktirläp, ýagny ýazgy edilenden soň, olary kesip, gerekmejek böleklerini aýryp, ýazgyny pauza goýup bilýär. Bu ähli aýtmaly zady bir dublda ýazmak zerurlygy bolmazdan, uzyn ses habarlaryny döretmegi ýeňilleşdirýär.
Suratlar bilen işlemekde hem üýtgeşmeler boldy. Surat iberilende täze wariant – “ýokary durulyk” peýda bolýar. Şeýle režim suratlary has aýdyň görnüşde ibermäge mümkinçilik berýär: HD faýllary dört esse köp piksel saklaýar we olaryň agramy 0,5 MB-den hem azdyr.
Şeýle-de, Telegram-da kanallaryň administratorlary bilen şahsy aragatnaşyk funksiýasy peýda boldy. Ulanyjylar olara habar ýollap bilýär, ýöne olaryň aragatnaşyk maglumatlaryny görmeýär.
iPhone ulanyjylary üçin indi storisleri göni galereýadan ýüklemek elýeterli boldy. Bu kontenti goýmak prosesini has çalt we amatly edýär.
Mundan başga-da, toparlaýyn çatlarda täze interfeýs peýda boldy: indi bir umumy habarlar lentasynyň deregine dürli temaly goşundylar ulanylýar. Bu gerekli zady çalt tapmaga mümkinçilik berip, çatlary has tertipli edýär. 


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...