Samsung 31-nji iýuldan başlap hereketsiz akkauntlary pozup başlar

  • 06.06.2025 09:04
  • 2.9k+

Samsung 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyndan azyndan 24 aýlap girilmedik hasap ýazgylaryny (akkauntlary) pozup başlar. Bu barada ulanyjylara kompaniýanyň metbugat gullugy ýatlatdy.

Samsung-yň akkaunty Galaxy enjamlaryndaky firma programmalaryna girmek üçin gerek. Şol sanda Galaxy Store-a, Samsung Health-e we Galaxy Wearables-a girmek üçin zerur. Hasap ýazgysyny Google-yň akkaunty bilen baglanyşdyryp bolar, ýöne ol Samsung akkauntynyň ýerini tutmaýar.
Eger ulanyjy soňky iki ýylda iň bolmanda bir gezek hasabyna girmedik bolsa, dikeltmek mümkinçiligi bolmazdan pozular. Işjeňlik hasaba alnan akkauntlar galar.
Pozmaklyk Samsung enjamlarynyň hasabyny uzak wagtlap ulanmadyk öňki ulanyjylaryna-da täsir eder.
Hasaby ýatda saklamak üçin, 31-nji iýuldan öň kompýuterden ýa-da ykjam programma arkaly oňa girmek ýeterlik.
Ulanyjylara e-poçta arkaly habar iberiler. Emma akkaunta baglanan e-poçta salgysy hem ulanylmaýan bolsa, onda habar okalman galyp biler.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...