Ýutubçy zibilden kuwwaty 250W bolan el lazerini gurnady. Ol hatda göwheri hem ýakyp bilýär

  • 06.06.2025 08:56
  • 4.4k+

Styropyro lakamy bilen tanalýan amerikaly ýutubçy we himik Dreýk Entoni kuwwaty 250W bolan elde göterilýän lazer enjamyny gurnady we synagdan geçirdi. Enjam adaty lazeriň görkezijisinden 50 müň esse güýçlüdir. Enjamy döretmek üçin ol eBay ýaly onlaýn platformalaryndan satyn alnan köne bölek şaýlary ulandy.

Stiropyro, köplenç, taşlanan komponentleri tapyp, olarda synaglarda ulanýandygy bilen tanalýar. Täze dizaýnynda ol kinoproýektorlarda ulanylýan birnäçe güýçli gök lazer diodlaryny birleşdirdi we olardan gaty güýçli şöhläni aldy.
Blogçy görkezme wideosynda lazeriň dürli materiallary aňsatlyk bilen ýakýandygyny we hatda göwherde hem yz galdyrýandygyny görkezdi. Mundan başga-da, ösüşiniň ylmy tarapy bilen tanyşdyrdy: şöhläni käbir maddalara gönükdirmek bilen, olaryň sintetiki ýakutlara meňzeş gurluşlara kristallaşmagyny gazandy.
Adaty görkezijiniň kuwwaty takmynan 0.005 watt. Styropyronyň ulgamy bu görkezijiden on müňlerçe esse ýokary bolup, alymlaryň laboratoriýalarda materiallary öwrenmek üçin ulanýan senagat lazerleriniň mümkinçiliklerine ýakynlaşýar.

şu gün 07:42
2.5k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......

şu gün 07:38
1.9k+

Ýeňiş güni mynasybetli uruş we zähmet weteranlaryna ýadygärlik sowgatlary berler

Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilýän......

şu gün 07:29
1.9k+

Türkmenistanda gozgalmaýan emläk hukuklary we täze ýubileý medaly barada kanun taslamalary işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler bilen......

düýn 19:16
2.3k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....