Samsung ultra-inçe kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7 Ultra-nyň relizine taýýarlanýar

  • 05.06.2025 10:03
  • 2k+

Samsung eplenýän smartfonlaryň hatarynda Galaxy Z Fold 7 Ultra adyny alyp biljek “kitapça” görnüşli täze modeliň peýda bolup biljekdigine yşarat etdi. Ozal bu hatarda kompaniýa diňe adaty wersiýalary çykarypdy.

Anonsda hödürlenen surata görä, gurluş aýratyn inçe korpusy bilen tapawutlanar.
Samsung modeliň adyny göni aýtmaýar, ýöne ençeme ýyl ulanyjylaryň has uly ekranlara, kämilleşdirilen kameralara we aragatnaşygyň hem döredijiligiň täze usullaryna bolan islegine diň salandygyny aýdýar. Kompaniýa muny “Ultra-tejribe” diýip atlandyrýar – bu diňe bir giňeldilen mümkinçilikler däl-de, eýsem has ykjam we amatly bolmakdyr.
Şeýle-de, Samsung EA agenti barada agzap geçýär. Ol laýyk restorany saýlap, onda ýer bronlap biler we söhbetdeşlere habarnama ýollap biler. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, EA gurallary gündelik işleri ýönekeýleşdirýär: habarlar bilen alyşmaga, web-sahypalary görmäge we tehniki nýuanslara ünsüňi sowmazdan oýun oýnamaga kömek edýär.
Samsung EA funksiýalaryny hut eplenýän format üçin optimizirländigini nygtaýar. Açylan ýagdaýynda gurluş oýun we birbada birnäçe iş üçin gerekli enjama öwrülýär.
Ultra indeksli model ilkinji gezek 2020-nji ýylda Galaxy S20 hatarynda peýda boldy. 2022-nji ýylda Galaxy S22 Ultra modeli S Pen stilusyny aldy we 2020-nji ýylda soňky modeli çykan Galaxy Note hatarynyň yzyny dowam etdiriji boldy.  


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...