Amazoniýada altynyň bikanun gazylyp alynmalary tokaýyň dikelmegine päsgelçilik döredýär

  • 04.06.2025 15:15
  • 5k+

Amazon tokaýlarynda bikanun altyn gazyp almalar tokaýlaryň dikelişini haýalladýar. Alymlaryň anyklamagyna görä, metaly çykarmagyň iň giň ýaýran usuly topragyň güýçli zaýalanmagyna we aşa gyzmagyna sebäp bolýar. Bu barada Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň (USC) metbugat gullugy habar berdi.

ABŞ-nyň professory Joşua West "Topragyň zaýalanmagy tokaýyň dikelişini haýalladýandygyny öňdenem bilýäris, ýöne bu ýagdaýda başga bir hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Altyn gazyp almak şol ýeriniň topragyny zaýalaýar, netijede çapylan Amazon tokaýlaryndaky şertler täze agaçlaryň ösmegi üçin amatsyz bolýar" -diýip, USC-nyň professory Joşua Uest düşündirdi.

Peruwyň Madre-de-Dios sebitindäki gözegçiliklere esaslanyp, şeýle netijä gelindi. Ol ýerde bikanun magdançylar topragyň ýokarky gatlaklaryny ýokary basyşly suw pürküp ýuwýarlar. Bu topragyň gurluşyny weýran edýär we palçykly howdanlaryň we gum depeleriniň döremegine sebäp bolýar.
Barlag uçarmansyz uçarlary, radarlary we toprak gurallaryny ulanmak arkaly geçirildi. Magdan çykarylandan soň, çägäniň we galyndylaryň adaty Amazon topragyndan suwy 100 esse çalt siňdirýändigi we yzgary takmynan bäş esse çalt ýitirýändigi ýüze çykaryldy.
Çäge massalary 60 gradusa çenli gyzýar, bu topragy ýörite ekilende-de ösümlikleriň ösmegi üçin ýaramsyz edýär. Çyglylygyň ýetmeýändigi we aşa gyzmak tokaýyň dikelmegine päsgel berýär. Alymlar bu prosese düşünmek Amazon tebigatyny dikeltmek üçin täze çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanmagyna kömek eder diýip umyt edýärler.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...