Dolce & Gabbana brendi täze ugurlara 150 million ýewro maýa goýar

  • 04.06.2025 15:44
  • 3k+

Dolce & Gabbana işini giňeltmek üçin 150 million ýewro (170 million dollar) möçberinde goşmaça maliýe serişdesini aldy. Bu barada BOF neşiri habar berdi.

Kompaniýa birnäçe aý bäri bank karz berijileri bilen gepleşik geçirýär. Modalar öýi ösüş strategiýasyny üýtgetmäge we girdeji çeşmelerini diwersifikasiýa etmäge synanyşýar.
Brendiň ýolbaşçylary gözellik-biznesiniň esasy bolmagyna garaşýar. Bu bazaryň durnuksyz mahaly kompaniýanyň garaşsyzlygyny saklamaga kömek eder. Häzirki wagtda kaşaň harytlara bolan isleg azalýar we modalar öýi näbellilik döwrüni başdan geçirýär.
Şeýle hem, Dolce & Gabbana Chanel, Gucci, Prada, Louis Vuitton, Versace, Christian Dior, Valentino, Fendi, Burberry we Oscar de la Renta ýaly kompaniýalaryň göreldesine eýerip, gozgalmaýan emläk taslamalaryna gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň baş müdiri Alfonso Dolçe Bloomberg News bilen bolan söhbetdeşliginde şu ýylyň başynda 12 aýyň içinde gözellik önümlerinden gelýän girdejiniň 20 göterimden gowrak ösmegine garaşylýandygyny aýtdy.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....