Ýerden Günüň ozal görlüp-eşidilmedik takyklykdaky wideosy alyndy

  • 04.06.2025 08:06
  • 9.7k+

Astronomlar Ýerden Günüň iň jikme-jik şekillerini almagy başardy. Munuň üçin olar ABŞ-da ýerleşýän «Uly Aýy» obserwatoriýasyndaky (Big Bear Solar Observatory) «Goode Solar» teleskobynyň kämilleşdirilen adaptasiýaly optika ulgamyndan peýdalandy, diýip «EurekAlert» ýazýar.

Günüň ýerüsti gözegçilikleri atmosferadaky ýoýulmalar we ýyldyzyň ýagtylygy sebäpli, örän çylşyrymlydyr. Bu täsirleri aradan aýyrmak üçin, alymlar häzirki wagtda dolandyrylýan deformirlenýän aýnany ulanypdyrlar. Bu ulgam datçikler arkaly bökdençlikleri anyklap, aýnanyň görnüşini düzeldýär we şekiliň hilini ýokarlandyrýar.
Şeýlelikde, ozal görlüp-eşidilmedik çözgüt gazanyldy: teleskop 63 kilometrlik obýektleri hem ýazga aldy. Deňeşdirsek, mundan ozal bu görkeziji, takmynan, 1000 km bilen çäklenýärdi. Alymlar Günüň täjiniň (koronasynyň), protuberanesleriniň we halkalarynyň jikme-jikliklerini ýokary takyklykda synladylar.
«Goode» teleskobyna oturdylan «Cona» ulgamy aýnanyň görnüşini sekuntda 2200 gezek üýtgedýär we atmosferanyň täsiriniň öwezini dolýar. Bu bolsa enjamyň teoretiki çägi bilen deňeşdirilýän çözgütde şekil almaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa koronaly ýagyş – plazmanyň yzyna, Günüň ýüzüne gaçmagy ýaly çylşyrymly hadysalary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Alymlar, esasan-da, Günüň işjeňliginiň inçe gurluşlary bilen gyzyklanypdyrlar. Alnan maglumatlar Günüň üstki atmosferasyndaky proseslere has takyk düşünmäge we kosmos howasynyň öňünden çaklanmagy üçin möhüm bolan Gün işjeňligi modellerini kämilleşdirmäge kömek eder.
Şuňa meňzeş ulgamy has kuwwatly teleskoba ornaşdyrmak meýilleşdirilýär, bu bolsa has takyk maglumatlary almaga ýardam berer.


18.04.2026 23:36
3.1k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...