Kakao, platina we apelsin şiresi... Maý aýynda haýsy harytlar has gymmatlady

  • 03.06.2025 17:06
  • 3k+

Maý aýynda kakao noýbasy we platina birža harytlarynyň arasynda bahanyň ösüşi boýunça öňdebaryjylar boldy. Bu ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryndan gelip çykýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Şokolad önümçiliginde ulanylýan kakao üçin global baha 11% ýokarlandy.
Beýleki oba hojalyk harytlarynyň arasynda apelsin şiresi has gymmatlady – 7,9%. Şeýle-de, tüwiniň we süläniň bahalary ýokarlandy – ikisi-de 2,9%.
Gözegçilik edilýän aktiwleriň arasynda platina ösüş depgini boýunça ikinji orny eýeledi we iň güýçli gymmatlan metal boldy – 9,2%. Şeýle-de, galaýynyň bahasy 5,2% hem-de misiň bahasy 3,1% ýokarlandy. Altynyň bahasynyň ösüşi haýallap, 2,9% boldy.
Energetika pudagynda kömür 8,2% ösüş görkezdi. Ýewropada tebigy gaz baha taýdan 5,5%, uran 5,4% gymmatlady.
Maý aýynda has arzanlan önüm kofe boldy. Robusta üçin baha 13,2%, arabika üçin 11% arzanlandy. Litiý öz bahasynyň 9,2%-ini ýitirdi.

düýn 16:15
2.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......