Galaxy S25 Edge ultra-inçe korpusyna garamazdan, çydamlylyk synagyndan geçdi

  • 03.06.2025 21:17
  • 9.3k+

Ultra-inçe Galaxy S25 Edge tehnobloger Zak Nelsonyň (JerryRigEverything) çydamlylyk synagyndan üstünlikli geçdi. Korpusynyň ýogynlygynyň bary-ýogy 5,8 mm we agramynyň 163 g bolmagyna garamazdan, smartfon berk bolup çykdy.

Synag wagtynda smartfon öň we yzky panellere agram salyp, egreltmek synanyşygynda formasyny üýtgetmedi we döwülmedi. Korpus sypjyryklara-da çydamly boldy: Gorilla Glass Ceramic 2 aýnasy bilen goralan frontal panelde çyzyk yzlary diňe Moos şkalasy boýunça gatylygy 6 bolan guralyň täsiri bilen peýda bolup başlady. Has çuň çyzyk yzlary bolsa 7-nji derejede peýda boldy.  
Yzky panel Gorilla Glass Victus 2 aýnasy bilen örtülen, korpus bolsa titandan ýasalan bolup, bu gurluşyň berkligini ýokarlandyrýar.
Ýokary temperatura çydamlylyk synagynda ekran görünýän zeper bolmazdan 30 sekuntlap oduň täsirine çydady. Käbir beýleki gurluşlar şeýle synagdan ejiz gelýär.
Zak Nelson korpusynyň inçeligi sebäpli smartfonyň döwülmegine garaşandygyny, ýöne onuň berkligine haýran galandygyny aýtdy. Deňeşdirmek üçin, soňky iPad Pro şeýle egreltmä çydamandy.
Galaxy S25 Edge 30-njy maýda satuwa çykdy. Ol täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli we iň ýokary ýagtylygy 2600 kd/m² bolan 6,7 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X ekrany, Snapdragon 8 Elite prosessory, 12 GB operatiw ýat we iki esasy kamera – 200 we 12 Mp bilen enjamlaşdyryldy. Smartfon IP68 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goragly. Ol üç reňkde elýeterli: Titanium Icy Blue, Titanium Silver и Titanium Jet Black.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...