Dior täze döredijilik müdirini saýlady

  • 03.06.2025 17:14
  • 3.9k+

Asly Demirgazyk Irlandiýadan bolan Jonatan Anderson Fransiýanyň Dior moda öýüniň täze döredijilik müdiri boldy. Bu barada Financial Times habar berýär. Maglumaty brendiň özi hem sosial ulgamlarda tassyklady.

Anderson 40 ýaşynda. Ol täze wezipede tas 10 ýyllap Dior-yň zenanlar hataryna ýolbaşçylyk eden Mariýa Grasiýa Kýurini çalşar. Aprel aýynda Anderson brendiň erkekler kolleksiýasynyň dizaýneri wezipesine bellendi. Indi ol zenanlar hataryna we kutýura hem gözegçilik eder.
Jonatan Anderson moda pudagynda ilkinji ädimine 2008-nji ýylda JW Anderson brendini döretmek bilen başlady. 2013-nji ýylda Dior ýaly LVMH holdinginiň düzümine girýän Ispaniýanyň Loewe moda öýüniň döredijilik müdiri boldy. Bu moda öýüni 2025-nji ýylyň başynda terk etdi.
Andersonyň Dior üçin ilkinji kolleksiýasy 27-nji iýunda Parižde görkeziler.
Moda öýlerinde işlemekden başga-da, Anderson birnäçe uly taslamalara gatnaşdy. 2023-nji ýylda Superboul üçin Riannanyň eşigini taýýarlady, şeýle-de režissýor Luka Guadaninonyň filmi üçin obrazlary döretdi. Şol ýyl ol “Ýylyň halkara dizaýneri” kategoriýasynda CFDA Fashion Awards baýragyny aldy hem-de Britaniýanyň “Moda baýragyna-da” mynasyp boldy. 

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....