Hanym Týusso muzeýinde Şekspiriň ýanynda büzmeçli hamyr peýda boldy

  • 03.06.2025 17:10
  • 4k+

Londonyň Hanym Týusso muzeýinde büzmeçli hamyryň heýkeli peýda boldy. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu adaty bolmadyk eksponat 5-nji iýunda Beýik Britaniýada bellenilýän Milli büzmeç gününe bagyşlandy.
Eksponat Britaniýanyň Greggs tiz tagam ulgamynda satylýan meşhur Sausage Roll tagamynyň göçürme nusgasydyr. Heýkel Birleşen Patyşalygyň medeni mirasyna bagyşlanan zalda, Uilýam Şekspiriň, Dewid Attenboronyň we Stormzy-nyň heýkelleriniň ýanynda ýerleşdirildi.

“Indi britan aşhanasynyň altynsow, gatlakly we kitirdeýän nyşany hem ýyldyz statusyny aldy – her ikinji britaniýaly diýen ýaly (46%) Greggs-iň büzmeçli hamyryny hakyky britan nyşany hasaplaýar” – diýlip, muzeýde bellenildi.

Heýkel gips guýmak usuly bilen elde döredildi. Ony taýýarlamak üçin hünärmenler gatlak teksturasyny we häsiýetli altynsow gatlagy takyk gaýtalamak üçin Greggs-iň onlarça hakyky büzmeçlerini öwrendi.
Ol gök mahmal ýassykda oturdylyp, münberde goýuldy we ýadygärlik tagtajygy bilen üpjün edildi. Bu Týusso muzeýiniň ekspozisiýasyna aşhana tagamynyň goşulýan ilkinji ýagdaýydyr.
2024-nji ýylda Wenanyň büzmeç kiosklary ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girdi. Bu däp-dessur öz köküni Awstriýa-Wengriýa imperiýasy döwründen alyp gaýdýar. Şol wagt öňki esgerler özüni eklemek üçin kiçiräk dükanlary açypdyr. 

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......