WhatsApp 1-nji iýundan köne iPhone we Android smartfonlarynda işlemegini bes etdi

  • 02.06.2025 17:23
  • 5.4k+

1-nji iýundan WhatsApp messenjeri operasion ulgamlarynyň köne wersiýalary bolan smartfonlarda işlemegini bes etdi. Programma indi iOS 15.1-den we Android 5.0-dan pes wersiýaly smartfonlarda işlemez.

Bu täzelenme bütin dünýäde millionlarça ulanyja täsir etdi. Olar indi şahsy we iş hatlaryny açyp, okap ýa-da iberip bilmez.
Ilkibaşda üýtgeşmeler 5-nji maýda güýje girmelidi, ýöne ol üç hepde diýen ýaly yza süýşürildi.
WhatsApp indi iPhone 5s, iPhone 6 we iPhone 6 Plus smartfonlarynda işlemez, sebäbi olar iOS 15.1-i goldamaýar. Apple birnäçe ýyl ozal bu modeller üçin täzelenme çykarmagyny bes etdi.
Käbir çeşmeler iPhone 6s, 6s Plus we ilkinji iPhone SE smartfonlaryny hem agzaýar. Bu gurluşlar iOS 15.8.4-i goldaýar. Eger olarda bu wersiýa gurnalan bolsa, WhatsApp işlemegini dowam etdirer. Çaklamalara görä, ulgam talaplarynyň indiki ýokarlanmagy 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginden ir bolmaz.
Ýaşyna garamazdan, şeýle gurluşlar häzirem köpler tarapyndan, şol sanda ikinji telefon ýaly ulanylýar. Bu çagalara, garry adamlara we täzelenmeleri yzarlamaýanlara degişlidir. Şonuň üçin WhatsApp-yň öçürilmegi olar üçin garaşylmadyk bolar.
Kompaniýa talaplaryň ýokarlandyrylmagyny maglumat goragyny güýçlendirmegiň we täze serwer tehnologiýalary bilen birleşmegiň zerurlygy bilen düşündirýär. OS-yň köne wersiýalary zerur howpsuzlyk derejesini üpjün etmeýär.


23.05.2026 16:18
3.2k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
965

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....