Niderlandlarda Ýewropada iň uly ýüzýän şäherçe gurlar

  • 02.06.2025 13:20
  • 6.6k+

Rotterdam şäheriniň (Niderlandlar) iň gadymy port desgalarynyň birinde Ýewropada iň uly ýüzýän ýaşaýyş sebiti Spoorweghaven peýda bolar. Taslama Daniýanyň MAST binagärlik studiýasy we BIK bouw gurluşyk kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy.

Şäherçe suwda ýerleşer we onda 100 töweregi ýaşaýyş öýi, jemgyýetçilik ýerleri, baglyklar we eýwanlar bolar.
Taslamanyň awtorlarynyň habar bermegine görä, köp gatly agaçdan gurlan jaýlar ýüzýän platformalarda oturdylar. Desgalar ilki gurlar, soňra tirkege alyp, gämi duralgasyndaky ýere eltiler we ygtybarly berkidiler. Zerur bolan ýagdaýynda, mysal üçin, ýeriň kärende möhleti gutarandan soň, tutuş toplumy başga bir ýere geçirmek bolar.
Täze sebit şäher bilen welosiped ýodalary we köprüler arkaly birleşdiriler. Sebitiň çäginden bolsa suw ýoly geçiriler. Ol şäheriň beýleki sebitleri bilen transport gatnaşygyny üpjün eder.
Taslama irki tapgyrda bolsa-da, eýýäm binalaryň Gün panelleri bilen enjamlaşdyryljakdygy mälim, bu şäheriň elektrik ulgamyna düşýän agramy azaldar. Şeýle-de, suwy süzmek üçin gamyş jeňňelligini döretmek meýilleşdirilýär. Munuň bilen Biomatrix kompaniýasy – inžener-ekologlaryň şotlandiýaly topary meşgullanýar.
Ýüzýän şäherçe gurluşyk üçin ýerleriň ýetmezçiligine jogap bolar. Şeýle çözgütler Demirgazyk Ýewropanyň beýleki şäherlerinde, mysal üçin, Kopengagende eýýäm durmuşa geçirilýär.


13.03.2026 16:15
1.5k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.6k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...

09.03.2026 12:25
5.5k+

Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy

Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer öz öýünden meşhur suratkeş Rembrandtyň goly bilen döredilen 35 sany asyl nusgadaky grawýurany tapdy. ArtNews neşiriniň habar bermegine görä, bu eserler dürli wagtlarda onuň atasy tarapyndan satyn alnypdyr...

03.03.2026 14:57
1.4k+

Aýdym-saz we sungat eserleri güýçli emosiýa döredýärmi? Alymlar munuň sebäbini genlerden tapdylar

Alymlar aýdym-sazyň, goşgularyň ýa-da şekillendiriş eserleriniň lezzetinden emele gelýän endamyň tikeneklemek ýagdaýynyň sebäbiniň genlerde ýerleşýändigini we nesilden-nesle geçip bilýändigini anykladylar. Sungata bolan güýçli duýgurlyk we fiziologik täsirler hemmelerde gabat gelmeýär...