Uill Smit aýdym-saz syýahatyna çykar we bile düşen suraty üçin janköýerlerinden 550 dollar alar

  • 31.05.2025 17:39
  • 8.2k+

Aktýor we sazanda Uill Smit özüniň Based on a True Story atly täze albomyny goldamak üçin aýdym-saz syýahatyna çykýandygyny habar berdi. Daily Mail-iň habar bermegine görä, artist Beýik Britaniýanyň şäherlerinde, şol sanda Londonda, Skarboroda we Wulwerhemptonda çykyş eder.

Konsertiň petekleriniň bahasy 82 dollardan başlaýar. Şeýle-de, janköýerlere 307 dollara goşmaça "Uill Smitiň bukjasy" hem hödürlenýär, bu üýtgeşik sowgatlyklary, ýadygärlik plastinkany we çärä VIP girişi öz içine alýar.
550 dollara ýadygärlik önümleri, saundçeke girmek we aktýor bilen köpçülik bolup  surata düşmek hödürlenýär. Iň gymmat paketi Uelsdäki konsertde alyp bolar we onuň bahasy 1740 dollar. Oňa aýratynlykda surata düşmek, sahna aýlanyp görmek, awtograf, saundçeke girmek we gol çekilen wintaž afişasy girer.
Syýahat 24-nji awgustda başlar.
Aýdymçynyň albomyna Jeýden Smit, Teýana Teýlor, Žak Ross we dijeý Jazzy Jeff bilen bilelikdäki trekler girdi. Aýdymlarynyň hatarynda BET baýragynda ýerine ýetirilen " You Can Make It ", şeýle hem öň çykan " Beautiful Scars ", " Tantrum " we " Work of Art" kompozisiýalary bar. Uill Smit täze albomyny "şu wagta çenli ýazan iň şahsy we güýçli sazy" diýip atlandyrdy.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.3k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......