Ştrausyň «Mawy Dunaý» walsy kosmosa iberiler

  • 31.05.2025 17:34
  • 1.5k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygyny kompozitor Iogann Ştrausyň doglan gününiň 200 ýyllygy bilen bilelikde bellemäge karar berdi. Bu iki möhüm senäniň hormatyna, meşhur kompozitoryň «Ajaýyp mawy Dunaýda» atly walsy radiosignal görnüşinde kosmosa iberiler diýip, «Phys.org» habar berýär.

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda ýewropaly sazandalar «walslaryň şasyna» bagyşlanan ýörite konsert maksatnamasyny gurarlar. Wena operasy hem bu konsertde çykyş edip, «Mawy Dunaýy» ýerine ýetirer. Bu çykyşlar Wena, Madrid we Nýu-Ýork şäherlerinde uly ekranlar arkaly göni ýaýlymda görkeziler.
Şol bir wagtyň özünde, ESA bu eseriň studiýa ýazgysyny kosmosa radiosignal hökmünde iberer. Häzirki zaman tehnologiýalary göni sesli ýaýlyma mümkinçilik berse-de, ygtybarlylyk üçin, agentligiň hünärmenleri öňünden ýazga geçirilen görnüşini saýlap aldylar.
Radiosignal «Woýajer-1» ýyldyzara zonduna tarap gönükdiriler. Signalyň zonda baryp ýetmegi 23 sagada çeker.
Aslynda, kosmosa aýdym-sazyň iberilmegi täze bir zat däl. 2008-nji ýylda NASA hem esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygyny bellemek maksady bilen, Missi Eliotyň «The Rain (Supa Dupa Fly)» atly aýdymynyň ýazgysyny Wenera tarap ugradypdy. 2012-nji ýylda bolsa, Marsa ugradylan «Curiosity» mars rowerine «Reach for the Stars» atly saz ýüklenipdi we bu ýazgy soňra şol enjam tarapyndan Ýere ýaýlyma berlipdi.
«Mawy Dunaýyň» kosmos bilen baglanyşdyrylmagy tötänden däldir – bu eser Stenli Kubrigiň kult «2001: A Space Odyssey» («2001-nji ýyl: Kosmiki odisseýa») atly ylmy-hyýaly filminde ýaňlanypdy. Emma 1970-nji ýyllarda NASA «Woýajer» zondlaryny Ýerden dürli sesleri we saz nusgalaryny öz içine alýan altyn plastinkalar bilen kosmosa ugradanda, näme üçindir, Ştrausyň eserlerine ýer tapylmandy. ESA-nyň häzirki başlangyjy, guramaçylaryň aýtmagyna görä, şol adalatsyzlygy belli bir derejede düzetmegi maksat edinýär.


22.06.2026 22:53
5.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
1.9k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......