Ýaralanan, göze görünmeýän gahrymanlar: Environmental Photography Award 2025-iň ýeňijileri

  • 31.05.2025 15:59
  • 7.2k+

Environmental Photography Award 2025 bäsleşiginiň (“Daşky gurşawyň fotosuraty baýragy 2025”) guramaçylary ýeňijileri we finalçylary yglan etdi.

Baýrak ekologiýa, tebigaty goramak we ýitip barýan görnüşleri goramak meselelerine ünsi çekmek üçin Monakonyň knýazy Alber II-niň gaznasy tarapyndan döredildi. Şu ýyl emin agzalarynyň başlygy National Geographic-iň meşhur fotosuratçysy Ami Witale boldy.

Bäsleşigiň ýeňijisi ispaniýaly fotosuratçy we deňiz biology Anhel Fitor boldy. Onuň “Göze görünmeýän şöhratsyz gahrymanlar” suratynda Ispaniýanyň kenaryndaky deňiz gurçuklarynyň öz hinlerinden çäge “çüwdürimlerini” goýberýän pursaty şekillendirilýär. Bellenilişi ýaly, hut köp ösüntgili gurçuklar deňiz düýbüniň ýokarky gatlaklarynda kislorod deňagramlylygyny saklamakda möhüm rol oýnaýar. Olaryň göze görünmeýän işi tutuş suwasty ekoulgamyň sagdynlygyny üpjün edýär.

“Suratda – göze görünmeýän, ýöne örän möhüm deňiz ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşy görkezilýär, Ortaýer deňziniň tutuş ekoulgamy, diýmek – biz hem olara baglydyrys” – diýip, awtor düşündirýär.

Surat “Suwasty dünýäler” kategoriýasynda hem iň gowusy diýlip ykrar edildi.
Onuň “Türgenleşik güni” atly işi hem “Özgertme döredijiler” kategoriýasynda tapawutlandy – bu Ispaniýadaky haýwanlaryň dikeldiş merkezinde kauanka pyşdylynyň çagasyny iýmitlendirmegiň tolgundyryjy suratydyr.
Fitor – fotosurat dünýäsinde iň abraýly şahsyýetleriň biri. Ol eýýäm World Press Photo, Wildlife Photographer of the Year, American Photography we Sony World Photography baýraklaryna mynasyp boldy.

Kategoriýalar boýunça finala çykan beýleki suratlar:
Tomaşaçylaryň baýragy:

“Otdan soň – umyt” (Braziliýanyň Pantanal zolagynda bolan ýangyndan soň diri galan tapiriň suraty. Walente atly bir ýaşly tapir dört aýagynyň we gulagynyň ýanygyny aldy) / Fernando Façiole (Braziliýa)

“Polýar täsinlikleri” kategoriýasy:

Galapagos adalarynda dynç alyşdaky deňiz iguanasy / Hawýer Asnar (Ispaniýa)

“Meduza we aýsberg” (surat Grenlandiýanyň kenarlarynda düşürildi) / Galis Uaro (Fransiýa)

Alýaskadaky ak kelleli bürgüt / Ueýn Klýuwer (ABŞ)

“Adamzat tebigata garşy” kategoriýasy:

“Durmuş fabrikasy” (suratda köp wagtlap Tailanddaky gaplaň fermasynda satuw üçin göwresinde nesil göterip, bendilikde bolan garry ene gaplaň. Ony ekoaktiwistler halas etdi) / Emi Jons (Beýik Britaniýa)

Zibil deňzinden geçip barýan pil / Lakşita Karunaratna (Şri-Lanka)

“Özgertme döredijiler” kategoriýasy:

“Türgenleşik güni” / Anhel Fitor, Ispaniýa

ABŞ-nyň kenarynda lamantin çagasy bilen / Jeýson Galli (ABŞ)

Ägirt garynja iýiji Braziliýada bejergi alýar / Fernando Façiole (Braziliýa)

“Tokaýyň ýüreginde” kategoriýasy:

“Şalaryň çaknyşygy” (sugun tomzaklaryň göreşi) / Ýakopo Nerossi (Italiýa)


19.06.2026 19:36
6.1k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
6k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....