Benksi täze graffitisini görkezdi, ýöne onuň ýerleşýän ýerini aýan etmedi

  • 31.05.2025 15:51
  • 2.6k+

Britaniýaly strit-art (köçe sungaty) suratkeşi Benksi täze işini hödürledi.

Instagramda ýerleşdirilen suratda goňras diwaryň ýüzüne trafaret bilen çekilen maýak görünýär. Onuň üstünde bolsa: «Men siziň mende görýän zadyňyz bolasym gelýär» diýlip ýazylan. Şeýle hem ýanaşyk duran sütüne tarap emeli kölege şekillendirilipdir.
Suratkeş postuň aşagyna hiç hili gol goýmady we eseriň nirede ýerleşýändigini hem aýtmady. «BBC-niň» maglumatlaryna görä, ulanyjylar graffitiniň Fransiýada, ähtimal, Marsel şäheriniň Le-Panýe kwartalynda ýerleşýändigini çaklaýarlar.
Benksi sosial we syýasy temalardaky strit-artlary bilen tanalýar. Suratkeşiň kimdigi belli däl. Ol anonim ýagdaýda işleýär.
Ady rowaýata öwrülen suratkeşiň işleri auksionlarda millionlarça dollara satylýar. Suratkeşiň iň gymmat eseri «Söýgi zibil gutusynda» («Love is in the Bin») atly işi bolup, ol 25,4 million dollara satylypdy.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......