Heýli Biber Rhode kosmetika brendini 1 milliard dollara satdy

  • 31.05.2025 14:57
  • 3.8k+

e.l.f. Beauty kompaniýasy bir milliard dollara amerikaly model Heýli Biber tarapyndan esaslandyrylan Rhode gözellik brendini satyn aldy diýip, CNN habar berýär.

Şertnama e.l.f. Beauty-ä 800 million dollara düşdi, galan 200 million dollary kompaniýa Biber-e satuwlaryň bahasy ýokarlanan ýagdaýynda tölär. Ylalaşygyň 2025-nji ýylyň ahyrynda gutarnykly ýapylmagyna garaşylýar.
Biber kompaniýada galar we döredijilik müdiri hökmünde işini dowam etdirer, şeýle-de innowasiýa bölümine ýolbaşçylyk eder.
Rhode brendi 2022-nji ýylda Heýli Biber tarapyndan döredildi. 2025-nji ýylyň mart aýynda tamamlanan soňky maliýe ýylynda kompaniýanyň satuwdan alan girdejisi 212 million dollar boldy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň başynda Rhode önümleriniň Demirgazyk Amerikadaky we Beýik Britaniýadaky Sephora dükanlarynda elýeterli boljakdygyny habar berdi.
e.l.f. Beauty – derä ideg etmek we makiýaž boýunça serişdeler bazaryndaky iň iri oýunçylaryň biri. Bu ýaş sarp edijileriň arasynda iň meşhur gözellik brendidir diýip, CNN belleýär. Kompaniýa Rhode-a bölek satuwy we halkara gatnaşygyny giňeltmäge kömek etjekdigini aýtdy.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....