Ronaldinýo «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy

  • 31.05.2025 17:28
  • 6.3k+

Meşhur braziliýaly futbolçy Ronaldinýo täze «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy. Ol oýny döreden studiýanyň edarasyna baryp, simulýatory hut özi synap gördi.

Taslamanyň topary Ronaldinýonyň saparyndan wideo paýlaşdy. Wideoda ol oýun baradaky täsirlerini gürrüň berýär.
Oýnuň döredijileri meşhur futbolçynyň saparynyň tutuş studiýa üçin örän möhüm waka bolandygyny bellediler. Olaryň sözlerine görä, Ronaldinýo bilen duşuşmak — oýny döretmäge ruhlandyran adama çeken zähmetleriniň miwesini görkezmäge mümkinçilik bolupdyr.
«Rematch» oýnunyň awtorlary öň hem oýunda lutbokslaryň (tötänleýin sowgat gutularynyň) ýa-da puluň kömegi bilen ýeňmäge mümkinçilik berýän mehanikalaryň ýokdugyny belläpdi. Oýunda diňe kosmetiki zatlary öz içine alýan battle pass bar.
Ronaldinýo 2003-2008-nji ýyllar aralygynda Kataloniýanyň «Barselonasynda» çykyş edipdi. Ol bu klub bilen iki gezek Ispaniýanyň çempionatyny we Superkubogyny, 2006-njy ýylda bolsa Çempionlar ligasyny gazandy. 2005-nji ýylda «Altyn top» baýragyny aldy, 2004-nji we 2005-nji ýyllarda bolsa FIFA tarapyndan dünýäniň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.
Ol dürli ýyllarda Braziliýanyň «Gremiosynda», «Flamengoda», «Atletiko Mineýroda», «Fluminensede», Fransiýanyň «PSŽ-synda», Italiýanyň «Milanynda», Meksikanyň «Keretarosynda» we beýleki toparlarda çykyş etdi.
Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen Ronaldinýo 2002-nji ýylda dünýä çempionatyny gazandy.


düýn 07:28
6.8k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......