Höwesjeňler ilkinji Macintosh-yň mini-nusgasyny döretdiler: ol indi eliň aýasyna sygýar

  • 30.05.2025 16:46
  • 5.2k+

1bitrainbow taslamasyna gatnaşyjylar ilkinji Apple Macintosh kompýuteriniň 5,5 esse kiçeldilen nusgasyny hödürledi. Ol Pico-mac-nano diýip atlandyrylýar we bu mini PK-nyň boýy bary-ýogy 62 mm bolup, eliň aýasyna sygýar.

Kompýuteri taýýar görnüşde satyn almak ýa-da özbaşdak ýygnamak bolýar – onuň üçin gerekli esbaplar aýratyn satylýar.
Pico-mac-nano kompýuteri Raspberry Pi Pico mikrokontrolleriniň esasynda işleýär. Onda 480x342 piksel durulykda 2 dýuýmlyk displeý oturdyldy. Korpus 3D printerde çap edildi. Öňdäki panelde LCD ekrany üçin slot, içinde bolsa asyl modeldäki ýaly komponentleri dogry we berk oturtmak üçin ýörite berkidijiler ýerleşdirildi.
Energiýa üçin yzky paneldäki USB-C porty ulanylýar. Onuň üsti bilen daşarky klawiaturany we syçanjygy birikdirip bolýar. Şeýle-de, gurluş microSD kartyny goldaýar we elektrik ulgamyndan ýa-da batareýadan işläp bilýär.
Satuwda hudožnik Pablo Pikassonyň stilinde ýerine ýetirilen gutuda kolleksiýa görnüşi hem hödürlenýär. Ol hakyky Macintosh 128K ýalydyr.
Işläp düzüji Nik Gillard Pico-mac-nano-nyň doly derejeli kompýuter däl-de, has dogrusy, konsept-art hökmünde döredilendigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu açyk kodly taslama bolup, onuň maksady RP Pico-nyň Macintosh-yň köne programmalaryny işledip biljekdigini barlamakdan ybarat. Ýöne ol çibiň ähli köne programmalary işletjekdigini kepillendirmeýär.
Taýýar toplumyň bahasy £56. Kolleksiýa görnüşi – £78. Ýygnamak üçin ähli shemalar we faýllar GitHub-da mugt elýeterlidir.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.3k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......