Realme Aston Martin F1 bilen döredilen GT 7 Dream Edition smartfonyny hödürledi

  • 28.05.2025 13:43
  • 4.1k+

Parižde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Realme kompaniýasy täze GT 7 smartfonyndan başga-da çäkli GT 7 Dream Edition modelini hödürledi. Ol Aston Martin F1 Team ýaryş topary bilen hyzmatdaşlykda döredildi.

Model Aston Martin nyşany bilen ýaşyl korpusa eýe boldy. Yzky panel ýalpyldysyz bolup, ýaryş ulagynyň burnuna meňzeýän kontur we aerodinamiki çyzyklar bar. Kamera we öçürmek/işletmek düwmesi toparyň esbaplarynda ulanylýan Lime Essence reňki bilen tapawutlandyryldy.
Topluma özboluşly gaplama, Silver Wing daşlygy we F1 ulagy görnüşinde SIM-karty çykarmak üçin gural girýär. Interfeýs firma nyşanlary, zarýad animasiýasy we GT oýun režimi bilen ýörite tema eýe boldy. Şeýle-de, suratlar üçin Aston Martin belligi goşuldy.


Galan ýagdaýda smartfonyň aýratynlyklary adaty Realme GT 7 bilen deňdir. Ol MediaTek Dimensity 9400e çibi, 120 Wt zarýad alyş bilen 7000 mA/sag akkumulýator we üçli Sony kamerasy (esasy modul 50 Mp, 2 esse optiki zum bilen teleobýektiw we ultra-giň obýektiw) bilen üpjün edildi.
Displeý 1264×2780 piksel durulyk, 1-120 Gs täzelenme ýygylygy we 6000 nite çenli iň ýokary ýagtylyk bilen 6,78 dýuýmlyk tekiz LTPO AMOLED boldy.
Smartfon IP69 standarty boýunça suwdan we tozandan goragly. Wi-Fi 7, NFC we Bluetooth 5.4 tehnologiýalaryny goldaýar. Ol Android 15-iň esasynda Realme UI 6.0 programma üpjünçiligine eýe boldy. Ulgamyň 4 ýyl we howpsuzlygyň 6 ýyl täzelenmesi wada berilýär.
Bu wersiýanyň satuwy 13-nji iýunda başlar.
Ýatlap geçsek, heniz tanyşdyrylyşdan öň Realme GT 7 smartfony ykjam gurluşda film görkezmegiň dowamlylygy boýunça rekord goýup, Ginnesiň kitabyna girdi.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.3k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......