Napoleon Bonapartyň gylyjy garaşylandan bäş esse gymmat, 4,7 mln ýewro satyldy

  • 28.05.2025 12:04
  • 5.7k+

Napoleon Bonaparta degişli bolan seýrek gylyç Pariždäki Giquello auksionynda ilkibaşdaky bahasyndan tas bäş esse gymmat satyldy. Onuň üçin 4,7 mln ýewro tölendi diýip, Le Figaro neşiri habar berýär.

Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, ilkibaşda ýaragyň bahasy 700 müň ýewrodan 1 mln ýewro aralygynda bolar diýlip garaşylypdy.
Gylyç Bonapart tarapyndan heniz Fransuz respublikasynyň konsuly wezipesini eýeleýän wagty, 1802-nji we 1803-nji ýyllar aralygynda satyn alyndy. Ol ony Wersal manufakturasynyň müdiri Nikolýa-Noel Buteden satyn aldy. Geljekki imperator hökmünde Napoleon gylyjy öz hökmürowanlygynyň ahyryna çenli saklady, soňra ony özüniň wepaly tarapdarlarynyň birine – marşal Emmanuel de Gruşä berdi. Şondan bäri ýarag onuň nesillerinde saklandy.
Bu gylyjyň ikinji nusgasy Moskwada – Döwlet taryhy muzeýiniň düzümine girýän 1812-nji ýylyň Watançylyk urşy muzeýinde saklanýar.
Öň, 2007-nji ýylda, Napoleonyň başga bir gylyjy 4,8 mln ýewro satyldy. Ol bu gylyç bilen 1800-nji ýylda Marengonyň etegindäki söweşe gatnaşdy. 

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......