Mars Express Marsyň iň uly kraterleriniň birini surata düşürdi

  • 28.05.2025 11:45
  • 4.3k+

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Marsyň Deuteronilus Cavus krateriniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlar Mars Express kosmos apparaty arkaly alyndy.

Krater Gyzyl planetanyň demirgazyk ýarym şarynda ýerleşýär. Onuň diametric, takmynan, 120 kilometre ýetýär. ESA-nyň berýän maglumatlaryna görä, bu formasiýa, takmynan, 4,1-3,7 milliard ýyl ozal emele gelip başlapdyr. Şol döwürde Mars asteroidleriň we kometalaryň yzygiderli urgularyna sezewar bolupdyr.

Wagtyň geçmegi bilen krateriň daş görnüşine tebigy prosesler täsir edipdir. Suwuň we buzuň täsiri astynda onuň konturlary üýtgäpdir. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, eroziýanyň netijesinde krateriň göwrümi asylky nusgasy bilen deňeşdirilende iki esse ulalypdyr.
Şeýle obýektleri öwrenmek alymlara Marsyň geologiki taryhyna we gadymy döwürde planetada bar bolan şertlere düşünmäge kömek edýär.


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......