Billi Aýliş, Eminem we Twenty One Pilots “American Music Awards” baýragyny aldy

  • 27.05.2025 20:15
  • 6k+

Geçen gije Las-Wegasda American Music Awards baýragynyň 51-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. “Ýylyň artisti” Billi Aýliş boldy diýip, CBS News habar berýär.

Bu nominasiýada baýrak üçin Ariana Grande, Kendrik Lamar, Sabrina Karpenter, Teýlor Swift, Post Malone hem dalaş edipdi.
Billi Aýliş dalaşgär görkezilen ýedi nominasiýasynyň ählisinde, şol sanda “Ýylyň albomy” (Hit Me Hard and Soft), “Halanýan pop-ýerine ýetirijisi”, “Halanýan gastrol aýdymçysy”, “Halanýan pop-albomy” kategoriýalarynda ýeňiji boldy. Birds of a Feather aýdymy “Ýylyň aýdymy” we “Halanýan pop-aýdymy” nominasiýalarynda birinji boldy.
Repçi Eminem iň gowy hip-hop ýerine ýetirijisi hökmünde baýrak aldy. Zenanlaryň arasynda bu ugurda Megan Thee Stallion ýeňiş gazandy.
Kendrik Lamar dokuz nominasiýada dalaşgär görkezilendigine garamazdan, diňe birinde – Not Like Us aýdymy bilen “Iň gowy hip-hop aýdymy” kategoriýasynda ýeňmegi başardy.  
“Ýylyň açyşy” kategoriýasynda baýragy režissýor Jeý Jeý Abramsyň gyzy Greýsi Abrams aldy.
Ledi Gaga we Bruno Mars Die With a Smile aýdymynyň klibi üçin sylaglandy hem-de “Iň gowy duet” kategoriýasynda ýeňiş gazandy. Bruno Mars iň gowy pop-ýerine ýetirijisi, Ledi Gaga elektron/tans aýdym-saz stilinde iň gowy ýerine ýetiriji diýlip ykrar edildi.
Beýonse we Post Malone kantri stilinde iň gowy ýerine ýetirijiler boldy. Şakira latyn amerikan aýdymy (Soltera) üçin baýrak aldy. R&B kategoriýasynda The Weeknd we SZA ýeňiji boldy.
Twenty One Pilots dueti rok-ýerine ýetirijileri we rok-albomy kategoriýalarynda iň gowusy boldy. Iň gowy rok-aýdymy Linkin Park toparynyň The Emptiness Machine aýdymy boldy. 

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......