ABŞ-da öýüň ýerzemininde 60 ýyllap uzynlygy bir kilometrden gowrak bolan demir ýol guruldy

  • 27.05.2025 12:19
  • 12k+

Roki-Hill şäherçesinde (Nýu-Jersi, ABŞ) 60 ýyldan gowrak wagt bäri Pacific Southern Railway kluby - demirýol modellerini söýüjileriň jemgyýeti hereket edip gelýär. Bu döwrüň içinde olar uzak ýyllaryň dowamynda klubuň başlygy bolup gelýän Karlton Peýtiň öýüniň ýerzemininde uzynlygy bir kilometrden gowrak bolan göwrümli demir ýol modelini gurdular.

Modelde daglar, şäherler we zawodlar bar. Olar, hatda otlulary dolandyrmak üçin ýörite programma üpjünçiligini hem döretdiler.
2023-nji ýylda Peýt ýogalandan soň, model howp astynda galdy. Dul galan aýaly Enn jaýy bir adam üçin gaty uly görüp, ony satmak kararyna geldi. Demir ýoly başga ýere göçürmek mümkin däl diýen ýalydy. 30-40 agzasy bolan bu klub uzak wagtlap azap siňdiren işleriniň netijesini gorap saklamaga razy boljak alyjy gözläp başlady.

Bu model bireýýämden bäri ýerli ähmiýete eýe bolup, telewideniýede hem görkezilipdi. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Amerikanyň iň abraýly gazetlerinden biri bolan The Wall Street Journal klubyň düşen kyn ýagdaýy barada ýazdy. Makalany Impractical Jokers komediýa şüweleňine gatnaşan Jeýms Mýurreý okady. Ol Roki-Hilliň golaýynda ýaşaýardy hem-de aýalynyň işi we Alsgeýmer keselli adamlara kömek edýän bilelikdäki haýyr-sahawat guramasy üçin ýer gözleýärdi.
Mýurreý klubuň birnäçe ýygnagyna gatnaşdy, olaryň edýän işlerine haýran galdy we Peýtiň öýüni satyn aldy. Myhman otagyny 1950-nji ýyllaryň otly wagonynyň äheňinde salona öwürmek kararyna geldi. Şeýle hem, ol klubyň web sahypasyny täzeledi we merç çykarmagy ýola goýdy.

“Siz Amerikada kluba we öz işine şeýle berlenlige başga ýerde asla duşmarsyňyz" –diýip, Mýurreý demirýoly döredijileriniň işine baha berdi.






22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......