Sergeý Brin «Google-yň» 700 mln dollarlyk paýnamasyny haýyr-sahawat üçin bagyşlady

  • 27.05.2025 11:04
  • 4k+

Google kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Sergeý Brin kompaniýanyň, takmynan, 700 million dollara barabar bolan 4,1 million paýnamasyny haýyr-sahawat maksady bilen bagyşlady. Bu barada geçen hepde ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasyna berlen beýanatda mälim edildi.

24-nji maýda Briniň maşgalasy bu serişdeleriň esasy böleginiň «Catalyst4» atly täjirçilik däl gurama geçirilendigini mälim etdi. Bu gurama Sergeý Brin tarapyndan 2021-nji ýylda merkezi nerw ulgamynyň kesellerini öwrenýän we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge goldaw bermek üçin esaslandyryldy. Serişdeleriň 500 million dollardan gowrak esasy bölegi şol gurama berildi. Galany Briniň maşgalasynyň gaznasyna we Parkinson keseli boýunça gözleglere goldaw berýän Maýkl J. Foks gaznasyna geçirildi.
Sergeý Brin yzygiderli hayyr-sahawat işlerine gatnaşýar. Ol geçen ýylyň maý we noýabr aýlarynda hem «Google-yň» paýnamalarynyň bir bölegini bagyşlapdy.
Häzirki wagtda jenap Briniň umumy baýlygy 143 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar we ol «Bloomberg-iň» maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda onunjy orunda durýar.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...