MrBeast-iň wideosynda muşdaklar Neýmary, Stef Karrini we beýleki sport ýyldyzlaryny güýç deňemäge çagyrýar

  • 26.05.2025 23:08
  • 9.3k+

Amerikaly YouTube blogeri MrBeast (hakyky ady – Jimmi Donaldson) Professional vs. Amateurs seriýasyndan täze wideo çykardy.

Oňa futbolçy Neýmar, tennisçi Serena Uilýams, basketbolçylar Stefen Karri we Demian Lillard, beýsbolçy Aaron Jaj, ulag ýaryşyna gatnaşyjy Deniel Tiktum, fridaýwer we suw astynda demiňi saklamak boýunça rekord eýesi Budimir Şobat, şeýle-de hot-dog iýmek boýunça rekord eýesi Joui Çestnat gatnaşdy.


27 minutlyk wideoda ýyldyz türgenler öz dissiplinalarynda tötänleýin saýlanan muşdaklar bilen bäsleşýär. Ýeňiji 100 – 500 müň dollar gazanýar. Eger höwesjeň ýeňiş gazansa, puly onuň özi alýar. Eger türgen ýeňse, baýrak haýyr-sahawata gönükdirilýär.
Mysal üçin, futbol synagynda gatnaşyjy Neýmar bilen gezekli-gezegine derwezä top depdi. Her üstünlikli urgudan soň, oýunçylar 4,5 metr yza çekilýär. Kim ilki urup bilmese – utulýar.
Wideo bir günde 44 mln tomaşa ýygnady.
2024-nji ýylyň noýabrynda MrBeast Kriştianu Ronaldunyň gatnaşmagynda şeýle çellenj bilen wideo ýerleşdiripdi. Şondan bäri wideo 278 mln gezek tomaşa edildi.


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.3k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......