Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Ultra planşetini we Watch S4 eSIM akylly sagadyny görkezdi

  • 24.05.2025 13:03
  • 1.7k+

Ýubileý tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Ultra planşetini we Watch S4 eSIM 15th Anniversary Edition akylly sagadyny hödürledi.

Planşet 10 ýadroly XRing 01 çipseti bilen enjamlaşdyryldy. Ol AnTuTu testinde 3 milliondan gowrak bal gazandy. Onuň iň ýokary iş ýygylygy bolsa Xiaomi 15s Pro-daky 3,9 GGs bilen deňeşdirilende 3,7 GGs boldy.
Gurluşyň korpusynyň ýogynlygy 5,1 mm bolup, 8 dinamik bilen üpjün edildi. Displeýiň töweregindäki çarçuwanyň ölçegi 3,95 mm. Ekranyň ýokarsynda kamera üçin ýer bar. Şeýle-de, ekranyň öçügsi wersiýasy bolup, ol ýiti ýagtylykda gözüň üçin has amatlydyr.

Planşetiň aýratynlyklary:

  • ·Göwrümi: 305,82×207,47×5,1 mm, agramy — 609 g;
  • ·Displeý: 14 dýuým, OLED, 3200×2136, 120 Gs, 1600 nite çenli ýagtylyk, HDR10+;
  • ·Ýat: 12/16 GB LPDDR5T operatiw, 256/512 Gb ýa-da 1 TB UFS 4.1;
  • ·Kameralar: 50 Mp esasy (Samsung JN1), 32 Mp frontal (Omnivision OV32D)
  • ·Akkumulýator: 12 000 mA/sag, 120 Wt çenli zarýad alyş;
  • ·Interfeýs: USB-C 3.2 Gen 2, Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4;
  • ·OS: Android 15 (HyperOS 2).

Pad 7 Ultra Hytaýda 5699 ýuan (takmynan, $790) bahadan satylyp başlandy.
Planşet korpusa magnit arkaly berkidilýän stilusy, şeýle-de Magic Keyboard-a meňzeş magnit klawiaturasyny goldaýar.
Stilusyň bahasy 399 ýuan (takmynan, $55), klawiatura – 1399 ýuan (takmynan, $195). Şeýle-de, “PK derejeli” ofis programmalary elýeterli.


Täzelenen Watch S4 eSIM 15th Anniversary Edition sagat modeli 4G goldawy bilen XRing T1 prosessoryna eýe boldy. Kompaniýa ykjam toruň iş hiliniň has kämilleşendigini aýtdy.
Sagadyň daşky görnüşi karbon bezel bilen täzelendi. Galan ýagdaýda model eýýäm bar bolan Watch 4-i gaýtalaýar.
Sagat eSIM bilen 9 güne we Bluetooth arkaly 15 güne çenli işleýär. Baha – 1299 ýuan (takmynan, $180).


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...