«Oasis» toparynyň gaýtadan birleşmegi bilen bagly konsert sapary üçin muşdaklar 1 milliard funtdan köp pul harçlar

  • 24.05.2025 12:26
  • 3.2k+

«Oasis» britan toparynyň gaýtadan birleşendigi baradaky habara begenen muşdaklar şu tomus Beýik Britaniýada geçiriljek 17 konserti görmek üçin 1,06 milliard funt sterling harçlamaga taýýar. «Barclays» maliýe konglomeraty tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesine görä, bu konsertlere 1,4 million adam gatnaşar we her bir muşdak, ortaça, 766 funt sarp eder. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.

Bu mukdaryň, takmynan, 150 funty peteklere gider, emma «Ticketmaster» platformasynyň bahalandyryş ulgamy sebäpli, gaty az adam şol bahadan satyn alyp bildi. Köpüsi petekleri 370 funt sterlinge çenli has gymmat bahadan satyn almaly boldy. Alyjylaryň şikaýatlary sebäpli, britan gözegçilik edaralary bu ýagdaý boýunça eýýämden derňew geçirip başladylar.
Muşdaklaryň peteklerden daşary, konsertleriň geçiriljek şäherlerinde ýaşaýyş üçin ortaça 108 funt, ýol çykdajylary üçin 70 funt, iýmit we içgiler üçin 75 funtdan gowrak, şeýle-de aýratyn dabaraly pursat üçin ýörite stilde täze egin-eşik üçin 73 funt we ýadygärlik harytlary bilen merç üçin hem 60 funt diýen ýaly harçlamagyna garaşylýar.
Soragnama gatnaşan muşdaklaryň, takmynan, 30%-i 1990-njy ýyllaryň modasyna görä geýinjekdiklerini, 14%-i bolsa saçlaryny «Oasis» toparynyň agzalary bolan Gallaher doganlaryňka meňzedip aldyrjakdyklaryny aýtdylar. Käbir muşdaklar bolsa, 1990-njy ýyllaryň atmosferasyny has gowy duýmak üçin, konsert wagty telefonlaryny ulanmazlygy ýüregine düwüpdir.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......