Toyota we Lexus täze elektromobil hataryny anons etdi: krossowerler, sedanlar we flagmanlar

  • 23.05.2025 12:11
  • 5.4k+

Toyota kompaniýasy we onuň Lexus premium-brendi elektromobil hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Kompaniýalar 2026-njy ýyla çenli täze sedanlary, krossowerleri we flagman konseptleri hödürlär. Jemi 10-a çenli täze modeli çykarmak meýilleşdirilýär.

Lexus pes aerodinamiki garşylyga we öňki modeller bilen deňeşdirilende geçilýän menzili iki esse artdyrjak täze batareýalara eýe bolan LF-ZC sedanyny hödürlär. Şeýle-de, LF-ZL konsepti hödürlener – bu geljekde brendiň dizaýnynyň nähili boljakdygyny görkezýän kaşaň elektrik flagmany bolar.
Toyota hem bZ hataryny giňeltmegini dowam etdirýär. 2026-njy ýylda bZ7 sedany, şeýle-de kämil batareýalara eýe bolup, bir zarýadda 570 km çenli ýol geçip biljek täzelenen bZ4X krossoweri çykar. Mundan başga-da, umumy kuwwaty 338 at güýjüne deň bolan iki elektrik hereketlendirijili C-HR+ elektrik krossoweri işlenip taýýarlanýar.
Täze modelleriň ählisi Google hyzmatlary bilen multimediýa ulgamyna, täzelenen platformalara we awtonom dolandyryş tehnologiýasyna eýe bolar. Awtomobiller hem global, hem ýerli bazarlar üçin niýetlener.
Strategiýa laýyklykda, Lexus 2035-nji ýyla çenli doly elektrik brend bolar. Toyota 2026-njy ýyla çenli ýylda 1,5 mln elektromobil we 2030-njy ýyla çenli 3,5 mln çenli elektromobil satmagy meýilleşdirýär.


şu gün 09:36
392

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

düýn 01:38
5.9k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......