Honda täze gibrid güýç ulgamy bilen Toyota we Ford-a garşy çykýar

  • 23.05.2025 11:49
  • 2.6k+

Honda 2027-nji ýyldan başlap kämilleşdirilen güýç gurluşly 13 sany gibrid awtoulag modelini dünýä derejesinde satuwa çykarar. Täze ulgam ýokary çekijiligi we özüne düşýän gymmatynyň arzandygy bilen tapawutlanýar.

Ulgam giň salonly we ulaldylan ýükdanly uly ulaglar üçin ýörite işlenip düzüldi. Gurluşy ilkinji bolup haýsy modelleriň aljakdygy entek belli däl. Şeýle-de bolsa, hünärmenler ilkinji çykyşyň Honda Pilot krossoweriniň indiki neslinde bolup biljekdigini çaklaýarlar. Bu modeliň häzirki wersiýasynyň gibrid görnüşi ýok.
Kompaniýa täze gibridleriň ýokary öndürijiligi we ekologiýa taýdan  gowulandyrylan häsiýetnamasy bilen tapawutlanjakdygyny habar berdi. Olar üçin 1,5 we 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijiler, şeýle hem uly gabaraly ulaglar üçin has güýçli gurluşlar işlenip düzülýär.
Mundan başga-da, täze gibrid ulgamy öndürmek 2023-nji ýylyň gibridleri bilen deňeşdirilende  30% arzan düşer. 


düýn 15:11
2.8k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 15:49
4.4k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......