Hyundai täze Grandeur 2026 kaşaň sedanyny görkezdi

  • 22.05.2025 20:44
  • 7.3k+

Hyundai 2026-njy ýylyň täzelenen Grandeur sedanyny görkezdi. Model tehnologiýa taýdan has kämil bolup, giňeldilen mümkinçiliklere eýe boldy. Bu, aýratynam, Honors ýörite wersiýasyna degişlidir.

Grandeur Honors modeli Hyundai SmartSense II howpsuzlyk ulgamy, Bose audioulgamy, Built-in Cam 2 kamerasy we kämilleşdirilen nawigasiýa bilen üpjün edildi. Ozal diňe Caligraphy wersiýasy üçin elýeterli bolan kuzowyň eksklýuziw gara reňki indi Honors üçin hem hödürlenýär.
Uzynlygy bäş metr töweregi we tigir bazasy 2,88 metr bolan sedan aerodinamiki garşylygyň 0,27 görkezijisine eýe boldy.
Model üçin güýç enjamynyň iki görnüşi elýeterli: kuwwaty 198 at güýji bolan 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisi we umumy kuwwaty 230 at güýji bolan 1,6 litrlik hereketlendirijiniň esasynda gibrid ulgamy.
Günorta Koreýada benzin görnüşi üçin baha 38 mln wonadan (27,7 müň dollar) başlaýar, gibrid 43,5 mln wona (31,7 müň dollar) barabar.
Täze sedan eýýäm rahatlygy we dolandyrylyşy üçin öý prokatynda ýokary bahalary aldy. Ýörite aksiýanyň çäklerinde Hyundai ilkinji alyjylara 2 ýyl ýa-da 20 000 km bilen mugt kuzow kepilligini hödürleýär.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....