ESA Aý üçin GPS ýaly nawigasiýa ulgamyny döredýär

  • 22.05.2025 12:43
  • 2.8k+

Häzirki Aý missiýalary Ýerdäki GPS ýaly ýokary derejede takyk nawigasiýa ulgamynyň ýokdugy sebäpli düýpli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Aýda hereket edýän enjamlar we astronawtlar Ýerden gelýän maglumatlara we öz hasaplaýyş modullaryna daýanýar. Ýöne signallary ibermekde gijikdirmeleriň ýüze çykmagy tiz çözgüt kabul etmäge, Aýyň çylşyrymly relýefi boýunça takyk hereket edip, işleri ýerine ýetirmäge päsgel berýär.
Bu meseläni çözmek üçin Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) NAVISP maksatnamasynyň çäklerinde Aý üçin LUPIN (Enabling High-Performance PNT in the Lunar Environment) ulgamyny döredýär. Ol Aýdaky enjamlaryň, astronawtlaryň we dürli obýektleriň ýerleşýän ýerini hakyky wagtda takyk kesgitlemäge mümkinçilik berer.
Ulgam Ýerdäki GPS-e meňzeş ýörelge boýunça Aýyň orbitasynda ýerleşdiriljek geljekki Aý aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamynyň (LCNS) signallaryny we planetar nawigasiýa tehnologiýasyny ulanar.
ESA-nyň hyzmatdaşy bolan GMV kompaniýasy Fuertewentura adasynda (Kanar adalary) LUPIN-iň prototipiniň synaglaryny geçirdi. Ýerli landşaft Aý üstüniň modeli hökmünde ulanyldy. Synaglar ulgamyň Aýda ulanylmagy meýilleşdirilýän signallary ulanyp, koordinatlary takyk kesgitläp biljekdigini görkezdi.
LUPIN bortdaky kompýuterlere düşýän agramy azaldar, ugurlary kesgitlemegi ýönekeýleşdirer we hereketi ýokarlandyrar. Bu Ýer bilen aragatnaşygyň pes bolan şertlerinde awtonom işlemek üçin aýratyn wajypdyr. 


düýn 14:38
2.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....