De Brýoýne “ManSiti” bilen hoşlaşdy: klub “Etihadyň” ýanynda onuň heýkelini oturdar

  • 22.05.2025 12:28
  • 12k+

“Mançester Siti” häzirki möwsümiň ahyrynda kluby terk etjek toparyň kapitany, belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýneniň heýkelini oturdar. Heýkel “Etihad” stadionynyň girelgeleriniň birinde peýda bolar diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Mundan başga-da, “Mançester Sitiniň” müdirler geňeşiniň başlygy Haldun Al-Mubarak futbolça bagyşlanan mozaikany açdy.
Premýer-liganyň 37-nji tapgyrynyň “Bornmuta” garşy oýny (3:1) belgiýaly oýunçy üçin öý stadionynda iň soňky boldy. Oýundan öň janköýerler “Şa Kew” ýazgyly banneri görkezdi.
Oýundan soň hoşlaşyk dabarasy geçirildi. Toparyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola De Brýoýne bagyşlanan wideo görkezilende, duýgularyna erk edip bilmän, gözüni ýaşlady.
“Mançester Sitiniň” düzüminde geçen on ýylyň dowamynda De Brýoýne 420 oýna gatnaşyp, 108 gol geçirdi we 177 assist etdi. Klub bilen bilelikde alty gezek Angliýanyň çempiony boldy, iki gezek ýurduň Kubogyny utdy, bäş gezek Iňlis ligasynyň kubogyny we üç gezek Superkubogy aldy. Şeýle-de, ol Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.
“Mançester – bu meniň öýüm. Men biziň klub, janköýer, topardaş bolup eden zadymyzy etmek üçin bu ýerde 10 ýyl sarp ederin diýip garaşmandym. Biz hemme zady gazandyk. Şäheri, kluby has ulaltdyk. Men döredijilikli, hyjuw bilen oýnamak isledim. Men futboldan lezzet almak isledim we hemmeleriň göwnünden turandyr diýip umyt edýärin. Klubdaky we ondan daşary ähli zatlar maňa kämilleşmäge itergi berdi. Meniň üçin bu oglanlar bilen oýnamak hormat boldy. Men köp sanly ömürlik dostlary gazandym” – diýip, oýunçy hoşlaşyk dabarasynda toparyň janköýerlerine ýüzlendi.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......