“Tottenhem” “Mançester Ýunaýtedi” utup, soňky 41 ýylda ilkinji ýewrokubok baýragyny gazandy

  • 22.05.2025 12:01
  • 7.2k+

Ýewropa ligasynyň finalynda “Tottenhem Hotspur” “Mançester Ýunaýtedi” 1:0 hasabynda utdy. Oýun Bilbaodaky (Ispaniýa) “San-Mames Barriýa” stadionynda geçirildi.

Ýeňiş goluny 42-nji minutda Brennan Jonson girizdi.
“Tottenhem” üçin bu 1984-nji ýyldan – UEFA-nyň Kubogyny alanyndan bäri ilkinji ýewrokubok baýragy boldy.
Belläp geçsek, “Tottenhem” soňky gezek 2008-nji ýylda kubok – Iňlis ligasynyň kubogyny gazanypdy. Şondan soň ol dört finalda utuldy: üç gezek – Liganyň kubogynda (2009, 2015, 2021) we bir gezek – Çempionlar ligasynda “Liwerpuldan” utuldy (2019).
Toparlaryň ikisi-de Angliýanyň premýer-ligasynda şowsuz möwsümi başdan geçirýär. Uly býujetlerine garamazdan, olar häzir çempionatda 16-njy we 17-nji orunlarda ýerleşýär. Bu soňky birnäçe ýylda iki toparyň hem iň ýaramaz netijesidir.
Ýewropa ligasyndaky ýeňiş “Tottenhemiň” indiki möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşmagyny üpjün etdi. Topar Ýewropa ligasynyň finalyndaky ýeňiş üçin 6 mln ýewro gazandy. Ýaryşa gatnaşandygy üçin klubuň umumy girdejisi 31,6 mln ýewro boldy. “Mançester Ýunaýted” 25,9 mln ýewro gazandy.
Toparlaýyn tapgyra gatnaşandygy üçin her bir klub UEFA-dan 4,31 mln ýewro, toparlaýyn tapgyrdaky oýunda gazanan ýeňşi üçin 0,45 mln ýewro, deňme-deňlik üçin 0,15 mln ýewro gazanýar. Toparlaýyn tapgyrda ilkinji bäşlige giren toparlar, takmynan, 2,5 mln ýewro aldy, final üçin pleý-offda klublar, takmynan, 16 mln ýewro gazandy.
UEFA-dan pul baýragynyň möçberi boýunça “Tottenhem” 24-nji orny, “MÝ” 28-nji orny eýeledi. Bu görkezijiler boýunça olar Çempionlar ligasynyň pleý-offuna geçip bilmedik ýa-da 1/16 final tapgyrynda ýaryşdan çykan toparlaryň arasynda ýerleşýär.
Deňeşdirmek üçin: Çempionlar ligasynyň finalyna çykan “Inter” eýýäm 100,6 mln ýewro, aýgytly oýunda onuň garşydaşy “Pari Sen-Žermen” 93,2 mln ýewro gazandy.


18.05.2026 21:08
5.8k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.1k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
4k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

16.05.2026 20:02
11k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....