Italýan moda dizaýneri Pýerpaolo Piççoli Balenciaga-nyň döredijilik müdiri boldy

  • 21.05.2025 15:42
  • 2.6k+

Italýan moda dizaýneri Pýerpaolo Piççoli Balenciaga modalar öýüniň döredijilik müdiri bellendi. Bu barada Kering fransuz lýuks holdinginiň web sahypasynda habar berildi.

Piççoli 10-njy iýulda wezipesine girişer. Täze wezipede ol Gucci-niň döredijilik müdiri wezipesine geçen Demnu Gwasaliýanyň ornuny eýelär.
Balenciaga Piççoliniň ýolbaşçylygynda ilkinji ýygyndysyny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda hödürlär.

"Men Balenciaga-da Pýerpaolo bilen bu täze eýýama aýak basýandygyma begenýärin. Onuň döredijilik hyýaly gülläp öser we ol dogumly döredijilige, baý mirasa we öýüň güýçli medeniýetine daýanyp, Kristobal Balensiaganyň mirasyny örän oňat düşündirýär. Toparlarymyzyň tejribesi we taryhda Balenciaga-nyň herekete getiren depginli döredijilik gujury arkaly men sabyrsyzlyk bilen bilelikde gurjak zatlarymyza garaşýaryn" – diýip, Modalar öýüniň baş müdiri Janfranko Jananjeli belledi.

Pýerpaolo Piççoli karýerasyna on ýyllap işlän Fenki italýan öýünde başlady. Soňra, 25 ýylyň dowamynda ol Valentino-nyň döredijilik müdiri boldy. 2008-2016-njy ýyllar aralygynda Mariýa Grasiýa Kýuri bilen bilelikde wezipe borçlaryny ýerine ýetirdi.
Piççoli Valentino-dan gidýändigini 2024-nji ýylyň mart aýynda yglan etdi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....