Kosmosda syrly, şar şekilli gurluş ýüze çykaryldy

  • 21.05.2025 15:52
  • 4.6k+

Astronomlar ASKAP radio teleskopynyň kömegi bilen Akmaýanyň ýolunda ideal diýen ýaly şar şekilli gurluşy tapdylar. Obýekt Teleos adyny aldy. Barlag Günbatar Sidneý uniwersitetinden Miroslaw Filipowiçiň ýolbaşçylygyndaky halkara topar tarapyndan geçirildi diýip, ScienceAlert habar berýär.

Teleos “Älemiň ewolýusiýa kartasy” (EMU) taslamasynyň çäklerinde tapyldy. Obýekt adatdan daşary simmetrikligi bilen tapawutlanýar, bu swerhnowanyň  galyndylarynyň arasynda gaty seýrek duş gelýär.
Alymlar Teleosyň ýyldyz partlamalarynyň iň parlak görnüşlerinden biri bolan Ia tipli supernowanyň galyndysy bolup biljekdigine ynanýarlar. Şeýle hadysalar goşa ulgamda ak karlikler goňşy ýyldyzyň maddasyny özüne siňdirip, ýarylanda ýüze çykýar. Supernowanyň galyndylary, adatça, ýyldyzara gaz we tozan bilen täsirleşmegi sebäpli, asimmetrik görnüşe eýe. Şeýle-de bolsa, partlama kosmosyň aýratynam boş sebitinde bolan bolsa, gurluş tekiz bolup biler.
Obýekte çenli aralyk takyk kesgitlenmedi. Barlagçylar iki warianty göz öňünde tutýarlar: takmynan 7175 ýa-da 25114 ýagtylyk ýyly. Birinji ýagdaýda Teleosyň ýaşy 1000 ýaşdan, ikinjisinde - 10 000-den gowrak bolup biler. Bu ýagdaýda Ia supernowa görnüşine mahsus rentgen şöhlelenmesi tapylmady.
Alternatiw wersiýa Teleos-yň Iax görnüşli supernowanyň galyndysy bolup biljekdigini öňe sürýär. Şeýle ýagdaýlarda partlamadan soň zombi ýyldyzy galýar.
Alymlar obýektiň tebigatyna takyk düşünmek üçin goşmaça barlaglaryň  zerurdygyny nygtaýar.


düýn 14:38
2.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....