ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi

  • 20.05.2025 15:33
  • 9.4k+

Amerikaly hirurglar dünýäde ilkinji gezek adama donor peşew haltasyny göçürdiler. Operasiýa 2025-nji ýylyň maý aýynda Los-Anjelesde Kaliforniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Ronald Reýgan lukmançylyk merkezinde geçirildi. Ony hirurglar Inderbir Gill bilen Nima Nassiri ýerine ýetirdi.

Amerikalylar dünýäde ilkinji bolup donor peşew haltasyny göçürdiler.
Operasiýadan öň dört çaganyň atasy, 41 ýaşly Oskar Larraýnsar böwrekleriniň ikisi hem, şeýle-de düwnük keseli sebäpli peşew haltasynyň köp bölegi aýrylandan soň, ýedi ýyl bäri dializ bilen ýaşaýardy. Onda peşew haltasynyň diňe kiçijik bölegi, göwrümi 30 kub. sm töweregi galypdy. Kadaly ýagdaýda 300-den gowrak bolmaly.

Ozal anatomiki aýratynlyklary sebäpli, peşew haltasyny göçürmäge synanyşmak mümkin däl hasaplanýardy.
Larraýnsar üçin laýyk donor OneLegacy guramasynyň üsti bilen tapyldy. Özboluşly sekiz sagatlyk operasiýanyň dowamynda näsaga ilki böwrek, soň bolsa peşew haltasyny oturtdylar, şondan soň organlar birleşdirildi.
Operasiýadan iki gün soň, hassanyň özi peşew etmek islegini duýdy we katetersiz peşew etdi. Bu lukmanlar üçin garaşylmadyk waka boldy, sebäbi oturdylan organyň resipiýentiň bedeni bilen nerw baglanyşygy ýokdy. Lukmanlar Larraýnsara kateter gerek bolar öýdüpdiler.

Şeýle-de bolsa, hünärmenler organyň bitişip gitmegi üçin zerur immunodepressantlary ömürboýy ulanyp gezmek bilen baglanyşykly töwekgelçiliginiň bardygyny duýdurýarlar.
Muňa garamazdan, lukmanlar usulyň howpsuzlygyna baha bermek üçin ýakyn wagtda ýene dört şuňa meňzeş operasiýa geçirmegi meýilleşdirýärler.


20.06.2026 12:08
7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......