Jakomettiniň "Uly inçe kellesine" alyjy tapylmady. Bahasyny gaty gymmat gördüler

  • 20.05.2025 15:27
  • 8.6k+

Alberto Jakomettiniň "Uly inçe kelle" ady bilen hem tanalýan "Diýegonyň uly kellesi" heýkeline Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksion öýünde alyjy tapylmady. 70 million dollar diýip goýlan başlangyç bahasy gaty gymmat görüldi diýip, New York Post ýazýar.

Bürünç býust modernist sungata bagyşlanan auksionyň merkezi obýekti boldy. Heýkel 1955-nji ýylda ýasalyp, alty guýmanyň biridir. Ondan öň, 2013-nji ýylda Jakomettiniň şuňa meňzeş sungat işi 50 million dollara satylypdy.
Hünärmenler satuwyň şowsuz bolmagy sungat bazarynyň ýokarky böleginde ýagdaýyň kyndygyna şaýatlyk edip biler diýip hasaplaýarlar. Hatda meşhur suratkeşleriň ykrar edilen eserlerine hem mydama ýokary bahadan satyn aljak alyjy tapylyp durmaýar.
Býustda suratkeşiň dogany, köplenç, onuň öňünde durup nusga bolan  Diýego Jakometti şekillendirilen. Heýkeliň beýikligi 65 santimetre ýetýär we bu ussadyň iň uly göwrümli eserleriniň biridir. "Uly inçe kelle" ady duýuş aýratynlygy bilen baglanyşykly: öň tarapdan seredeňde ýüzi inçe we süýnmek, tekiz diýen ýaly görünýär, profilde bu täsir ýitip gidýär.
Jakomettiniň eserlerine, adatça, uly isleg bildirilýändigini bellemelidiris. 2015-nji ýylda onuň “Barmak çommaltýan adam” heýkeli Christie’s satuwynda 141,3 million dollara satyldy, bu heýkel üçin rekord baha. 2010-njy ýylda “Ýöräp barýan adam” Sotheby's-de 104 million dollardan satyldy, bu hem şol döwür üçin rekorddy.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......