Ford rul mehanizmindäki kemçilik sebäpli, 2025-nji ýylda çykan täze F-150 pikaplaryny yzyna çagyrýar

  • 20.05.2025 14:53
  • 5k+

Ford kompaniýasy rul mehanizminde kemçiligiň bardygy sebäpli 9181 sany  F-150 2025 kysymly pikabynyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Zawodda berkidijiler nädogry oturdylypdyr, bu bolsa rul mehanizmindäki birikdirijini gowşadyp ýa-da onuň sypmagyna sebäp bolup bilýär. Bu ulagy dolandyrylyşdan çykmak howpuny döredýär.

Bu kemçilik mart aýynda bir diler merkeziniň işgäri synag gözden geçirilişi mahalynda "ruluň gereginden artyk oýnaýandygyny" görende belli boldy. Barlag ruluň aralyk walyndaky berkidijileriň ýerinden sypandygyny ýa-da nädogry gurnalandygyny ýüze çykardy.
Ford kemçilik bilen baglanyşykly diňe bir sany kepillik ýüz tutmasynyň bardygyny aýtdy. Kemçilik sebäpli heläkçilik ýa-da şikes ýetme hasaba alynmandyr.
Kompaniýa yzyna çagyrylan ulaglaryň eýelerine diler merkezlerine barmalydygyny aýdyp habarlary ýollar. Şol ýerde rul mehanizmini barlarlar we zerur bolsa berkidijileri çalşarlar ýa-da berkiderler.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....